Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly obasyndaky gonamçylykda ýowar geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň din wekilleri we ýaşulular bilen bilelikde gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowar geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Şeýle-de Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa din işgärleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary gatnaşdylar.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer ýörelgeler Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik tutumlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Şunda metjit gurmagyň aýratyn sogaplydygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, juma namazyna ýygnanan ýaşulularyň maslahatynda Milli Liderimiziň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde gurulýan nurana metjidi “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky teklip öňe sürüldi.

Maslahata gatnaşan ýaşulularyň hemmesi teklibi oňlap, Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagynyň ýerine düşen çözgüt boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem