Türkmenistanyň baştutany we Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Aşgabatda 19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekiliýetleriniň gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara meseleler barada pikir alşylandygyny, garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirerler. “Bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk has-da ilerlediler. Şeýle hem ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy. Ýokary tehnologiýalar, tehniki, inženerçilik kooperasiýasy, bank we maliýe işi, şähergurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna goşular” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ulag-logistika ulgamynda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň hem işjeňleşdiriljekdigini, türkmen talyplaryny Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak babatda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, munuň üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime minnetdarlyk bildirdi. Akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

“Biziň duşuşygymyz iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda örän möhüm waka boldy. Onuň jemleri boýunça wajyp ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ösüşiň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy”, - diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Malaýziýada Aziýa — Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalaryna ýokary baha berilýär. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Bu ýurt Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

“PETRONAS” kompaniýasy bilen yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm binýadyny emele getirýär. Şu gezekki saparyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder” diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri nygtady.

“Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek boýunça degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek ugrunda işler ilerlediler. Bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdüreris. Şeýle hem bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini döretmek, halal senagat ýaly ugurlarda bar bolan tejribeleri özara alşarys. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döredijilik we ylmy tejribeleri özara alyşmak işini has-da ösdürmek arkaly geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirmäge hem uly ähmiýet berýäris” diýip, Premýer-ministr Anwar Ibrahim sözüni dowam etdi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi, yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň özara dostlugy berkitmek babatda edilýän tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.

Şeýle hem