Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

18-nji iýunda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Ýokary bilim komissiýasynyň başlygy Niaz Ahmad Ahtaryň arasynda duşuşyk geçirilip, onda bilim, ylym we akademiki alyşmalar ugurlarynda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýokary bilim, ylmy-barlag işleri we hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, talypdyr alymlaryň alyş-çalyşyny giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim we ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem