Türkmenistan we Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Wiktor Boreski bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bir gün öň Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça pikir alşyldy. Toparyň işiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Iki ýurduň daşary syýasy we ykdysady edaralarynyň arasynda özara saparlaryň guralmagyny hem öz içine almak bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy.

Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ulag, energetika, maglumat tehnologiýalary we oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, işewürlik saparlaryny guramak hem-de slowak kompaniýalarynyň Türkmenistanda geçirilýän sergilere we forumlara gatnaşmagy meselesine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem