Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalamda ýurdyň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletindäki ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Türkmenistan bilen Bruneý-Darussalam Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1999-njy ýylyň 22-nji fewralynda ýola goýuldy.

 

Şeýle hem