Eýranda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler geçirildi

Tähranda ýerleşýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäre «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi» ady bilen geçdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Maslahata Tähranda akkrediitirlenen daşary ýurt döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, magtymgulyşynaslar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler (olaryň arasynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi Ylýas gaýypow hem bar) türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, onuň ömri we döredijiligi bilen bagly täze açyşlar bilen paýlaşdylar. Şu nudaýnazardan çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda we tanatmakda edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Çäräniň dowamynda şahyra bagyşlanan wideoýazgylar hem görkezildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ýene bir medeni çäre Tährandaky Harezmi uniwersitetinde geçirildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi baradaky maglumatlar bilen çykyş etdiler, şahyryň ýazan goşgularyny okadylar we onuň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem