Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyldy.
Şeýle hem, duşuşykda Emeli aň we sanly özgeriş, ykdysady, senagat we tehnologiýa alyş-çalşygy, medeniýet we syýahatçylyk alyş-çalşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi şäheriň häkimini iki tarap üçin amatly senelerde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bellenilýän döwlet çäreleriniň çäginde, Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.