Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisi öz işine başlady

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýetiň we söwdanyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda iki döwletiň hojalyk subýektleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjek bilelikdäki taslamalara garamagyň möhümdigi tassyklanyldy.

Soňra mejlisiň işçi duşuşygy we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olara toparyň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda wajyp meselelere garaldy.

Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäginde paýtagtymyzdaky medeni ojaklara, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem olar üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine aýlanmaga mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem