Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin awtoulag ýük daşamalarynyň möhüm meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, eksport-import gatnaşyklarynda awtomobil arkaly ýük daşamalaryň umumy möçberi 7,6 million tonna (şonuň 2,8 million tonnasy eksporta, 4,8 million tonnasy hem importa degişlidir) deň boldy. Şunda daşalan umumy ýüküň 50,2 göterimi Gazagystanyň, 10,6 göterimi Özbegistanyň, 5,5 göterimi Türkiýäniň, 3 göterimi Russiýanyň, 2,5 göterimi hem Täjigistanyň awtomobil ýük daşaýjylaryna degişli boldy.
Daşalan umumy ýüküň 1,6 million tonnasy Ýewropa ýurtlaryna degişli boldy. Bellenişi ýaly, şol bir wagtyň özünde, Polşadaky halkara ýol ulaglary üçin ähli barlag nokatlarynyň ýapylmagy we Russiýa bilen Belarusyň serhedinde diňe bir gözegçilik nokadynyň bolmagy döwletara söwda ugurlarynda çynlakaý päsgelçilik döretdi.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň deputaty Bolatbek Nažmetdinuly bar bolan halkara ýollara goşmaça ugur hökmünde Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä we Aýlag ýurtlaryna barýan ýoly göz öňünde tutmagy teklip etdi diýip, ýurduň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenişi ýaly, munuň üçin Türkmenistan bilen wiza amallaryny ýeňilleşdirmekde döwletleriň hyzmatdaşlygy zerurdyr. Şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna harytlary ibermegiň alternatiwasy hökmünde Latwiýanyň üsti bilen täze ugry düzmek teklip edildi.
Duşuşykdan soň Serik Žumangarin gatnaşyjylara alternatiw halkara ýol ugurlary boýunça ähli başlangyçlary işläp düzmegi we işewür wekilleriň tekliplerini göz öňünde tutup, olary ösdürmek üçin Ýol kartasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi