Türkmenistanda harby ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hormatlandy

Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Esasy dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän heýkeline we hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada nyzama düzülip taýýar boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy.

Soňra dabaraly ýagdaýda uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.

Dabaraly çäreler Aýratyn hormat garawuly polkunyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Munuň özi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýyp, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Şeýle hem