Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumynda bäsleşikleri geçirmegiň täze tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew ýolbaşçylyk edýän ulag we aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işler hem-de pudagyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Wise-premýer öz çykyşynda toplumyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini we kanunçylyk esaslarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini nygtady. Bu ugurdaky işleriň netijeli alnyp barylmagynyň pudagyň ösüşine uly itergi berýändigini aýdyp, Batyr Annaýew döwlet Baştutanynyň garamagyna täze teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz taýýarlanan Karara gol çekdi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli edaralaryň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy. Bu resminama “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Şeýle hem