Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu işe girişdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Il sylagly ýaşulular halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri ilkinji bolup galla oragyna girişdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler. Kuwwatly däne ýygyjy kombaýnlaryň bugdaý meýdanlaryna çykarylmagy bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda Watan harmanyna ugradyljak gallanyň ilkinji tonnalary ýygnalyp başlandy.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň töwereginde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guralyp, olarda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Estrada we halk aýdymçylary, folklor-tans toparlary gallaçylar üçin aýdym-saz çykyşlaryny taýýarladylar.

Galla oragyna girişilmegi mynasybetli önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda möwsümi degişli derejede guramak, däne ýygnamak işlerini talabalaýyk we sazlaşykly geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem