16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.
Ýanwar aýynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 103,8 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 106,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 162,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça hem 110,5 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly hyzmatlary ýerine ýetirmek, ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça amala aşyrylan işler barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr hem-de halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini hem giň gerimde dowam etmek wajypdyr diýip, Hormatly Prezidentimiz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, “Türkmendemirýollary” agentliginde geçirilen hasabat ýygnagynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Ýygnaga gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda depginli ösdürmek babatda yzygiderli tagalla edýän, döwrebap şertlerde işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edip, öňde goýlan derwaýys wezipeleri amala aşyrmakda bilimdir tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi