Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Hindistandaky ilçisiniň diplomatik ygtyýarlyklaryny giňeltdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda ýurdyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Türkmenistan bilen Maldiwleriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda ýola goýuldy.

Şeýle hem