Türkmenistan we Gruziýa bilelikdäki ykdysady taslamalary öňe ilerletmegi maksat edinýär

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Tamar Ioselianiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Şeýle-de duşuşyga «Gruziýanyň demirýollary» PJ-niň Baş Direktory Laşa Abaşidze gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini bellediler we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek hem-de ugurdaş edaralaryň we işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary berkitmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we özara bähbitli taslamalary öňe ilerletmäge gönükdirilen konstruktiw gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem