Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.