Türkmenistan Nukusda geçirilen «Women in tourism-2026» atly halkara forumynyň işine gatnaşdy

Özbegistanyň Nukus şäheri Merkezi Aziýa sebitiniň syýahatçylyk pudagynda işjeň zähmet çekýän telekeçi zenanlarynyň täze hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilen «Women in tourism-2026» atly III halkara forumyna Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejesinde tanyşdyryp, tejribe alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Gepleşikleriň esasy mowzugy syýahatçylyk pudagyndaky häzirki zaman meselelerini seljermekden, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan we bilelikdäki sebitara taslamalary döretmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk özüne çekijiligini artdyrmakda zenan telekeçiliginiň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler.

Çäräniň çäklerinde guralan ýörite sergi we B2B formatyndaky duşuşyklar türkmen wekilleri üçin täze hyzmatdaşlary tapmaga we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge amatly mümkinçilik döretdi. Işewürlik gepleşikleri netijesinde syýahatçylyk ugurlaryny diwersifikasiýa etmek we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle hem