15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň dürli derejelerde yzygiderli aragatnaşyklarynyň ýokary netijeliligi we ähmiýeti bellenildi. Şunda, döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy.
Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki hyzmatdaşlygyň öndürijilikli häsiýetine üns çekilip, halkara guramalarynyň çäklerindäki ýakyn özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Diplomatlar parlamentara dostluk toparlarynyň işini güýçlendirmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyna üns çekdiler.
Şeýle hem, taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine ýokary baha berdiler.
Ulag, energetika, söwda, oba hojalygy, syýahatçylyk, ylmy we medeni gatnaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdiler.
Şol gün Gruziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda däp bolan dostlukly türkmen-gruzin gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.