Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Aşgabada sapar bilen Ýadro synaglarynyň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi baradaky Şertnamanyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Bobur Usmanow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we medeni-ynsanperwer alyş-çalşyň ösdürilmegine üns berildi.
Sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar sebitiň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlara özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler we iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtadylar.