Türkmenistanyň Prezidenti СTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýunda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine pugta eýermek bilen, ählumumy we sebit howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Ýurdumyz ýadro howpsuzlygy babatda esasy halkara şertnamalara goşulan ilkinji döwletleriň biridir.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm Şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetine üns çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Robert Floýdyň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga oňyn goşant goşjakdygyna ynam bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

 

Şeýle hem