Türkmenistan Stambulda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirdi

6-njy iýunda Stambul şäheriniň Ýyldyz tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy tarapyndan guralan we 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekden, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekden, şeýle hem gatnaşyjylary Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, ruhy gymmatlyklaryna we medeni mirasyna bagyşlanan çykyşlar görkezildi. Gatnaşyjylar türkmen döwletliliginiň taryhy, özboluşly milli dessurlary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.

Milli däp-dessurlaryň dowamatlylygyny, taryhy mirasa bolan hormaty we türkmen halkynyň täze sepgitlere bolan ymtylyşyny şöhlelendirýän 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem