5-nji iýunda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Hasabata laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.