Türkmenistan Daşkende geçirilýän Termez dialogyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 4–6-njy iýunynda Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk meselelerine bagyşlanan Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Forum Ýewropa, GDA, Amerika, Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, bilermenler we seljeriş merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Forumyň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag-üstaşyr özara baglanyşygy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň arasynda durnukly logistika ugurlaryny döretmek meselelerine esasy üns berilýär.

Forumyň gatnaşyjylary howa gün tertibi, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlyk we adam maýasyny ösdürmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşýarlar. Bilim we ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hem-de häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň möhümdigi nygtalýar.

Şeýle hem