Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 5-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaralar guraldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Arkadag we Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Gurban baýramy mynasybetli medeni çäreler geçirildi. TÜRKSOÝ-yň opera günleri ýokary derejede guraldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirip durmagy tabşyrdy.