Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda 2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Çärelere gatnaşmak üçin medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan, şol sanda meşhur artistlerden, opera ýerine ýetirijilerinden, estrada aýdymçylaryndan, meşhur saz we tans toparlaryndan, şeýle hem KHBS-iň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherine geldi.
Teatryň eýwanynda milli medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň ajaýyp baýramçylygyna gatnaşýan myhmanlara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky türkmen halkynyň taryhyny we çeperçilik mirasyny açyp görkezýän milli şaý-sepleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň özboluşly eserleri ýerleşdirilen diwarlyklardyr sergi tekjeleri görkezildi. Çeper bezegli milli zenan lybaslary, türkmen şaý-sepleri, el keşdeleriniň we haly önümleriniň nusgalary serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen sungat ussatlary tomaşaçylary halk döredijiliginiň, şeýle hem häzirki zaman nusgawy we estrada sungatynyň nusgalary bilen tanyşdyrdylar, milli wokal çykyşlaryny we tanslaryny görkezdiler, kirişli we üflenip çalynýan saz gurallarynyň asyl nusgalarynda halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Çäre ajaýyp waka öwrülip, köp sanly tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.