Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Maslahatda, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we halkymyza iberen Gutlagy okaldy.
Çykyşlarda şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Bu, biziň ýurdumyzyň daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.
Soňra BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyş etdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni tutuş adamzat üçin möhüm sene bolup, tebigata aýawly garamagyň we daşky gurşawy goramagyň umumy jogapkärçiligimizdigini ýatladýar. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi hem-de onuň täsirlerini azaltmak ählumumy meseleleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän döwlet syýasaty ýokary baha mynasypdyr.