Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan bilen medeni gatnaşyklara ýokary baha berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bilelikdäki medeni çäreleriň ähmiýetini nygtadylar. Bu çäreler medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini belläp, şeýle medeni gatnaşyklaryň halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady. «Bu asylly däbe eýerip, şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Ýurdumyz Azerbaýjanyň medeniýet, sungat işgärlerinden ybarat uly wekiliýetini myhmansöýerlik bilen kabul edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň umumy taryhy, medeni mirasynyň döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Şeýle hem