Türkmenistan we Azerbaýjan medeni hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmagy maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeniýet edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, döredijilik toparlarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň iki ýurduň halklarynyň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm çäre hökmünde ähmiýeti bellenildi. Medeniýet günleri üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň, sergileri we beýleki çäreleri guramagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň we medeni platformalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem türkmen-azerbaýjan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

 

Şeýle hem