Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda 5-nji ivunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde duran wajyp wezipeler kesgitlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň kanunçykaryjylyk işleri baradaky maglumaty, wise-premýer H.Geldimyradowyň bolsa makroykdysady görkezijiler baradaky hasabatly diňlenildi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklandy. Pudaklar boýunça ösüş depgini senagatda 2,6%, gurluşykda 6,4%, ulag-aragatnaşykda 10,2%, söwda ulgamynda bolsa 7,9% boldy.
Nebit-gaz, gurluşyk-senagat we söwda toplumlarynyň işi barada wise-premýerler G.Agajanow, B.Annamämmedow we N.Atagulyýew hasabat berdiler. Ýurdumyzda nebit we gaz çykarmak, ýangyç önümlerini öndürmek meýilnamalary artygy bilen berjaý edildi. Gurluşyk we senagat pudagynda meýilnama 130,1% berjaý edilip, içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek hem-de dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky ýagdaýlar barada wise-premýer T.Atahallyýew maglumat berdi. Ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişildi, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa oraga 10-njy iýunda başlamaga doly taýýarlyk görüldi. Gowaça meýdanlarynda we beýleki ekinlerde agrotehniki işler yzygiderli alnyp barylýar.
Medeni-ynsanperwer ulgam, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlary boýunça wise-premýerler B.Seýidowa we B.Mämmedow hasabat berdiler. Hasabat döwründe şanly seneler mynasybetli dürli medeni çäreler guraldy. Türkmen okuwçylary we talyplary halkara bäsleşiklerde 871 medal, türgenlerimiz bolsa halkara ýaryşlarda 301 medal gazandylar. Şeýle hem ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça täze strategiýalar tassyklanyldy.
Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ulag-kommunikasiýa toplumyna jogapkar wise-premýer B.Annaýew degişli ugurlardaky görkezijileri durnukly diýip häsiýetlendirdiler. Bäş aýyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara wajyp saparlary guraldy, Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini, senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň batly depginler bilen dowam edýändigini belledi hem-de anyk wezipeleri tabşyrdy.