Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy dürli ugurlarda täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Söhbetdeşler iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada hem yzygiderli pikir alyşmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň, işewürlik geňeşiniň hem-de ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergileriň ähmiýetini bellediler.

Geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň 10 — 12-nji fewralynda bolsa Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi giň gerimde guraldy. Şeýle sergileriň netijeleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga itergi berýär. Munuň özi türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge ýardam edýär.

Şeýle hem