Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynyň işgärlerine we halkyna gutlag hatyny ýollady. Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde türkmen halkynyň tebigata aýawly çemeleşmek däpleriniň dowam etdirilýändigini belläp, ýurduň ekologik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilendir. Ýurtda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary netijesinde paýtagt Aşgabadyň, «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň töweregindäki tokaý zolaklary yzygiderli giňeldilýär. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Garagum sährasyndaky «Altyn asyr» Türkmen gölüň sebitiň ekologik ýagdaýyna ýetirýän oňyn täsirleri aýratyn bellenip geçildi.

Prezident Türkmenistanyň ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Ýurt BMG-niň onlarça ekologiýa konwensiýalaryna goşulyp, durnukly ösüş maksatnamalaryny, şol sanda Ählumumy metan borçnamasyny işjeň durmuşa geçirýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa üçin çölleşmä garşy göreşmek we howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky möhüm başlangyçlar öňe sürüldi.

Hatyň ahyrynda döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejedäki ekologiýa başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady we geljekde hem tebigaty gözelleşdirmek ugrundaky işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Prezident daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ähli watandaşlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygy hem-de jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Şeýle hem