Türkmenistan we BMGÖM 4 sany hyzmatdaşlyk resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar şu aşakdaky resminamalara gol çekdiler:

- Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk»;

- Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy
«Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlaşdyrylmagyny goldamak» atly taslama resminamanyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-e/ Inçekesele/Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy» atly Taslamanyň resminamasyna üýtgetme;

- Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Adam maýasynyň strategik meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli ulgamy» atly Taslama resminamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy.

Şeýle hem