15-nji fewralda Stambul şäherindäki Türkmenistanyň Baş
Konsullygynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen
Stambulyň gubernatory Dawud Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilim pudagynda we iki döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Baş Konsul 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýändigini, onuň çäklerinde bolsa, Türkmenistanda we tutuş dünýäde beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleriň guralýandygyny aýtdy.
Şeýle hem TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýänliginiň subutnamasyna öwrülendigi bellenildi. Şeýle-de, şu ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheriniň ähmiýeti barada hem nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Baş Konsullygy bilen Stambul häkimliginiň arasynda bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hem pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi