Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümi we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik ygtyýarly wekili Razmik Humarýan Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Myhman Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda garşylanyldy. Ol ýurdumyzda geçirilýän GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýokary derejeli mejlisine gatnaşar.
Şu ýylyň 22-nji maýynda guralýan GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary we wekilleri Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, bilelikdäki iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de sebitara integrasiýa amallaryny çuňlaşdyrmak ýaly möhüm meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hem-de guramanyň assosirlenen agzasy hökmünde bu halkara sammitiň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi we Arkalaşygyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy, durnuklylygy hem-de utgaşykly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.