Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleri Owganystandaky howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy.

 

Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň başlygy hem gatnaşdy. Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleri durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki ösüş ýagdaýy, şol sanda Owganystandaky howpsuzlyk pudagynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar.

 

Kataryň paýtagty Doha şäherinde meýilleşdirilýän çäräniň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşykda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, mejlisiň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala hem-de Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşygy geçirildi.


Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem