Türkmenistanyň we Pakistanyň Russiýadaky ilçileri Esen Aýdogdyýew hem-de Muhammed Halid Jemali özara duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda dostluk, düşünişmek we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän döwletara gatnaşyklar maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda iki ýurdy energetika pudagynda birnäçe iri taslamalara özara baglanyşdyrýar.
Taraplar şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar.
Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentligi