Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde 27-28-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyna gatnaşyjy döwletleriň Daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar 2025-nji ýyl boýunça bilelikdäki işleriň jemini jemläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Wekiliýetler sebitara maýa goýum we söwda geňeşini döretmek baradaky konsepsiýanyň, täze ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli «ýaşyl» ösüş boýunça meýilnamanyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem medeni-siwilizasiýa gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen «Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly bitewi sanly portaly döretmek boýunça taslamanyň ylalaşylmagynda gazanylan ösüş bellenildi.

Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň bitewi nyşanynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygy nygtalyp, ýurduň sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen bu formatyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem