Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaýyň ilçisi kabul edildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi web saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda şu ýylyň mart-aprel aýlarynda iki ýurduň arasynda döwlet we hökümet derejelerinde gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmek bilen, gaz pudagynda, ulag-logistika ulgamynda, mineral dökünleri öndürmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtadylar.

Diplomatlar agzalan ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen geljekki bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda bilim, ylym we lukmançylyk ýaly ugurlarda hem özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça syýasy we diplomatik gepleşikleri yzygiderli we ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem