Türkmenistan we Atom energiýasy boýunça halkara agentligi ýadro howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

20-24-nji aprel aralygynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (AEHA) Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde Aşgabatda kadalaşdyryjy gözegçilikden çykýan materiallar üçin ýadro howpsuzlygy düzgünini üpjün etmek boýunça sebitara okuw maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Sebitara hyzmatdaşlygy we öňdebaryjy tejribäni alyşmagy ösdürýän maslahata Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan AEHA-nyň goldawyna ýokary baha berip, sebitdäki durnuklylygy we tehnologiki taýýarlygy güýçlendirmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny ýene-de tassyklady.

Şeýle hem