Daşoguzda 400 orunlyk täze lukmançylyk merkeziniň gurluşygy dowam edýär

Daşoguzda täze, 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi gurulýar. Ony ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk edaralaryny gurmakda baý tejribesi bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina edýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Täze gurluşygyň umumy meýdany 9 gektara golaýdyr. Şu günki güne çenli bu ýerde ussahanasy we awtogaražy bolan ammar binasynyň demir-beton karkasy eýýäm guraldy. Merkeziň esasy binasynyň on blogundan üçüsiniň düýbi tutuldy, dördünji we bäşinji bloklaryň binýadyny tutmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Täze, 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň gerimine eýe bolar. Birnäçe binalardan ybarat toplumda lukmanlara dürli keselleri anyklamaga we bejergini geçirmäge mümkinçilik berýän iň döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ähli zerur ýöriteleşdirilen bölümler bolar.

Şeýle hem