Ankara şäherinde 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýär. Nygtalyşy ýaly, maksada okgunly türkmen bedewiniň keşbi Türkmenistanyň häzirki ösüş depginini, ýurduň täze üstünliklere tarap ynamly hereketini we okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Bu şygar ýakyn geljek üçin ösüş ugruny kesgitledi we 2026-njy ýylyň dowamynda syýasy, medeni we jemgyýetçilik çäreleriniň durmuşa geçirilmegi üçin ugur görkeziji boldy.
Şeýle hem çäräniň çäklerinde ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi guraldy. Onda meşhur ahalteke bedewleriniň gözelligini, nepisligini we taryhy ähmiýetini açyp görkezýän özboluşly suratlar görkezildi.