Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 24-nji aprelde Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki türkmen-argentin gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.