Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi tassyklandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 24-nji apreldäki Hökümet mejlisinde şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem