Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 24-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk çäreleri bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi we baýramçylyga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem