Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.