Aşgabatda 2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny 2027-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýokary derejedäki Syýasy forumynynyň çäklerinde hödürlemek üçin taýýarlamaga aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem taraplar häzirki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi, serişdeleri çekmek hem-de pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça ähli agzalan ugurlar boýunça netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.