Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde geçiriljek Sebitleýin ekologiýa sammitine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan ekologiýa meseleleriniň çözgüdine uly ähmiýet berip, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberlerinden anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa üçin BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny we howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek ýaly teklipler bar.

Ýurdumyz durnukly ykdysady ösüşi daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşykly alyp barýar. "Ýaşyl" tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen Milli strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan suw diplomatiýasyny ilerletmek we Aral meselesini halkara derejesinde çözmek ugrunda işjeň tagalla edýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde gelip gondy. Döwlet Baştutanymyzy Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Şeýle hem