Dünýägözel Gulmanowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň «Merkezi Aziýanyň zenanlary: ileri tutulýan wezipeler we bilelikdäki hereketler» atly birinji mejlisine gatnaşdy. Mejlis Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylygynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly guralan duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan parlament ýolbaşçylary hem-de Merkezi Aziýa boýunça «BMG-Zenanlar» sebit edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Mejlisde Özbegistan Respublikasynyň 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna başlyklyk etmeginiň çäginde meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk işlerine, sebitde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyrylyşyndaky we ykdysadyýetdäki işjeňligini goldamak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilelikdäki başlangyçlar barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy öz çykyşynda zenanlar dialogynyň sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça dürli çäreleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülendigini nygtady. Şunda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň dialogyň maksatnamalary bilen doly utgaşyp, zenanlaryň döwlet dolandyrylyşynda, milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny hukuk taýdan berkitmekde we bu ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.

Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, eneligi we çagalygy goramak, maşgalany goldamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurdaky tagallalara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini aýratyn nygtady.

Çykyşlarda zenanlaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, zenanlaryň döwrebap tehnologiýalara elýeterliligini üpjün etmek, sanly tehnologiýalar we onlaýn meýdançalar arkaly sebitdäki zenanlaryň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak, zenan telekeçilere döredilýän ýeňillikler barada durlup geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan parlament ýolbaşçylarynyň dialogynyň tagallalaryny abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Parlamentara Bileleşigiň alyp barýan işi bilen utgaşdyrmak meselesini aýratynlykda ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem