Türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary seljerildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 20-nji aprelde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar 2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähranda bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny seljerdiler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygy aýratyn nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna şu ýylyň 14-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Eýranyň halkyna, ilkinji nobatda, çagalara iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. Şunda bu ynsanperwerlik kömeginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany bolandygy bellenildi.

Şeýle hem