Türkmen deputatlarynyň hem gatnaşmagynda Parlamentara Bileleşige täze Baş sekretar saýlandy

Türkiýäniň Stambul şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde bu halkara guramanyň täze Baş sekretarynyň saýlawlary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň milli Parlamentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, saýlawda dalaşgärleriň ukybyna we tejribesine ýokary baha berlip, olara açyk hem-de adalatly ses berildi. Netijede, ähli gatnaşyjylaryň ses bermäge doly we göni gatnaşandyklary tassyklanylyp, Parlamentara Bileleşigiň Baş sekretary wezipesine Rumyniýa tarapyndan hödürlenilen dalaşgär hanym Anda Kristina Filip saýlanyldy.

"Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň bu saýlawlara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara derejede demokratik we kanun çykaryjylyk işlerine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy" diýlip, habarda nygtalýar.

Şeýle hem